Tehniki tükelleýiş edarasy Aşgabat şäheriniň çäginde olaryň degişliligine garamazdan, gozgalmaýan emlägiň tehniki tükelleýiş işlerini geçirmek we hasaba almak boýunça çäreleri guraýar, ýygnalan maglumatlary umumylaşdyrýar, seljerýär we pudaklaýyn maglumatlar binýadyna girizýär.
Edara "Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen, döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň hususylaşdyrylýan ýaşaýyş jaýlaryna tükelleýiş işini alyp barýar.
Gozgalmaýan emlägiň obýektleriniň Döwlet sanawynyň ýöredilmeginiň esasy wezipesi: emlägiň mukdary we hil düzümi, häsiýetnamasy, degişliligi we bahasy hakynda maglumatlar binýadyny döretmek bolup durýar.
Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan fiziki we ýuridiki şahslaryň eýeçiliginde, peýdalanmagynda ýa-da operatiw dolandyrmagynda bolan binalar, ýaşalýan we ýaşalmaýan jaýlar, desgalar, geçirijiler, köprüler we beýlekiler gozgalmaýan emlägiň obýektleri bolup, tehniki taýdan tükellenmegine we hasaba alynmagyna degişlidir.