Ýaşaýyş jaýynyň umumy meýdany nähili hasaplanýar?
Ýaşaýyş jaýynyň umumy meýdany, gös-göni ýaşamak üçin niýetlenen jaýlaryň (ýaşaýyş meýdany) we ýaşaýyş jaýynda raýatlaryň ýaşamagy bilen bagly olaryň durmuş we beýleki hajatlaryny kanagatlandyrmak üçin niýetlenen kömekçi peýdalanylýan jaýlaryň (peýdaly meýdany), şeýle hem ýaşaýyş jaýynyň ähli bölekleriniň meýdanlarynyň jeminden durýar.
Umumy meýdana binanyň/emlägiň haýsy bölekleri degişli däl?
Umumy meýdana şu aşakdakylaryň meýdany goşulmaýar: basgançaklar we basgançak meýdançalary; gurluş bölekleriniň we ýyladyş peçleriniň çykýan bölekleri; goşmaça gurlan ýyladylmaýan jaýlar (terrasalar, werandalar, balkonlar, lodžiýalar), şeýle hem ýyladylmaýan mansardalar we mezoninler; aýratyn duran tomusky aşhanalar, hammamlar, saraýlar, dalbarlar we şoňa meňzeş. Ýyladyş abzallary bolmadyk (ýyladylmaýan) aýnalanan balkonlar we eýwanlar umumy meýdana goşulmaýar we jaýyň umumy göwrümine girizilmeýär.
Tehniki taýdan tükelleme işler nähili amala aşyrylýar?
Fiziki we ýuridiki şahslaryň gozgalmaýan emlägi tehniki taýdan tükelleme geçirmek baradaky ýüztutmasyny resmileşdirmek we önümçilige kabul etmek; tükellemäge degişli binalaryň sanawyny taýýarlamak we inwentar belgilerini kesgitlemek; tükellemäge göni ýa-da gytaklaýyn dahylly bolan öňki barlaglaryň resminamalaryny we hojalyk kitaplaryny öwrenmek; iş göwrümini kesgitlemek we bellenilen möhletlerde onuň ähli möçberi boýunça barlaglary geçirmek üçin, gerek bolan işgärleriň sanyny ýüze çykarmak maksady bilen, synag işlerini geçirmek; tükelleýiş işleriň geçiriljek çäklerini etraplara we olary hem öz gezeginde tükelleniljek meýdançalara bölmek; hasaba alyjy işgärleri seçip almak, taýýarlamak we hünär synagyndan geçirmek (gollanmalar we synag işlerini geçirmek bilen tanyşdyrmak); barlagy geçirmek: ýerinde (natura) ölçemek, bellenilen görnüşleri (formalary) doldurmak, ýer bölekleriniň we binalaryň shematiki çyzgylaryny taýýarlamak, çyzgylary düzmek, baha bermegi geçirmek; ýerine ýetirilen işleri kabul etmek we olary tükelleme işleriniň sanawyna girizmek (anyk salgy (poçta) belgisi bolan, ähli kömekçi gurluşlary, desgalary we abadanlaşdyryş şertleri bilen, bellenilen çäkli ýer böleginde ýerleşen gozgalmaýan emlägiň obýekti üçin aýratyn tükelleme işi tutulýar).
Döwürleýin tükelleýiş näme üçin geçirilýär?
Tükellenilen gozgalmaýan emlägiň obýektleriniň ýagdaýy barada maglumatlary hakykata laýyk getirmek maksady bilen, tehniki tükelleýiş edaralary döwürleýin tehniki taýdan tükellemek işlerini yzygiderli alyp barýar. Şol bir wagtda bu işler bilen bilelikde, öňden ilkijni hasaba alnan obýektleriň düzüminde bolan üýtgedilmelerden daşary, täze gurlan we ýykylyp aýrylan obýektler barada maglumatlary ýygnaýar we hasaba alýar.
Eger ýer bölegindäki binalaryň/emläkleriň biri-birinden çetleşdirilen ýagdaýynda täze tehniki pasportlar taýýarlanylmaga degişlimi?
Gozgalmaýan emlägiň obýektleriniň eýeleriniň ýüztutmasy esasynda bir ýer böleginde ýerleşen bir ýa-da birnäçe binalaryň çetleşdirilen halatynda olara täze tehniki pasportlar taýýarlanyp, köne tehniki pasporty öçürilýär.
Tükelleýiş materiallaryndan nusgalary/göçürmeleri degişli şahslardan başgalar alyp bilýärmi?
Nusgalar diňe binalaryň eýelerine (hasabynda saklaýjylara) berilýär. Prokuratura, kazyýetler we notarial edaralary hem-de beýleki degişli edaralar üçin nusgalar her bir halatda aýratynlykda Tehniki tükelleýiş edarasynyň başlygynyň rugsady bilen berilýär. Tükelleýiş materiallaryndan nusgalar almak, şeýle hem olardan islendik häsiýetli maglumatlary saýlap almak we göçürmeleri almak işleri gös-göni Tehniki tükelleýiş edarasynyň diwany tarapyndan bir aýyň dowamynda ýerine ýetirilmelidir, dürli edaralaryň we guramalaryň işgärleri, şeýle hem şahsy ýüzlenijiler tarapyndan bu işleri etmeklige ýol berilmeli däldir.
Ýitirilen tehniki tükelleýiş işini täzeden taýýarlamak üçin haýsy resminamalar gerek?
Ýitirilmegi (ýitmegi) bilen baglanyşykly tehniki tükelleýiş işiniň öwezligi gozgalmaýan emlägiň obýektine eýeçilik hukugy bolan tarapyň (taraplaryň hemmesiniň) ýazmaça ýüzlenmesi, degişli polisiýa bölüminden ýitirlip tapylan resminamalaryň arasynda ýokdugy barada kepil haty we ýerli welaýat metbugat habar beriş serişdesinde tehniki pasportynyň ýitirilip güýjüni ýitirendigi barada bildiriş berlenden soňra, gozgalmaýan emläge bolan eýeçilik hukugyny tassyklaýan resminamanyň esasynda eýesine (paýlar boýunça eýelere) taýýarlanyp berilýär.
Esasy we döwürleýin tükelleme boýunça tükelleme işlerini taýýarlamak, şeýle hem hususy eýeleriň jaýlary we desgalary üçin tehniki pasportlary bermek we gaýtadan hasaba almak haýsy möhletiň dowamynda amala aşyrylýar?
Esasy we döwürleýin tükelleme boýunça tükelleme işlerini taýýarlamak, şeýle hem hususy eýeleriň jaýlary we desgalary üçin tehniki pasportlary bermek we gaýtadan hasaba almak ähli gerekli resminamalary doly toplanyp arza berlenden soňra 40 (kyrk) gün möhletde amala aşyrylýar.
Şahsy kömekçi hojalyk, mellekde gurlan jaýlar tehniki tükellenmäge degişlimi?
Şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak üçin berlen mellek ýerinde, özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin peýdalanmaga, kärendä telekeçilik işi üçin gurluşyk we gaýry oba hojalyk däl hajatlar üçin berilen ýer böleginde ilkinji we döwürleýin tehniki tükelleme işinde ýüze çykarylan özerkli bina edilen, gurluşygy tamamlanan binalar (binalaryň bölekleri), şeýle hem özerkli eýelenen ýer bölekleri umumy kadalar boýunça tehniki taýdan tükellenilmäge we meýilnamalar çyzga hem-de beýleki materiallara goşulmaga degişlidir.
Gurluşygy tamamlanmadyk binalara tehniki tükelleýiş işini resmileşdirip bolýarmy?
Gurluşygy tamamlanmadyk binalar gozgalmaýan emlägiň obýekti hökmünde tehniki tükelleýiş edaralary tarapyndan hasaba alynmaýar we olara tehniki pasport taýýarlanylmaýar. Tehniki tükelleýiş edarasy binanyň gurluşygy tamamlanyp ulanmaga kabul edilenden soňra, umumy tertipde bu gozgalmaýan emlägiň obýektini hasaba alýar.