Türkmenistanyň Prezidenti Bruneý-Darussalam Döwletiniň Soltanyny gutlady

Habarlar

23.02.2026

11:10

Türkmenistanyň Prezidenti Bruneý-Darussalam Döwletiniň Soltanyny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bruneý-Darussalam Döwletiniň Soltany Hajy Hassanal Bolkiaha Bruneý-Darussalam Döwletiniň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Soltan Hajy Hassanal Bolkiaha tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Bruneý-Darussalam Döwletiniň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.